Türkmenabat Halkara Howa Menzili

  Türkmenabat – Türkmenistanyň iri senagat, söwdä we medeni merkezi. Bu şäher gadymy döwürlerden bäri ykdysady gatnaşyklar üçin amatlylygy bilen özüne çekýär: bir döwürlerde bu künjeklerden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir, gyzgalaňly baý bazarlar, kerwensaraýlar kaşanlygy bilen jahankeşdeleri hem-de täjirleri haýran galdyrypdyr.

  Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhy öz gözbaşyny 1927-nji ýyldan alyp gaýdýar, şol wagt Çärjewi Dörtgüliň we Täze Ürgenjiň üsti bilen Daşhowuza birleşdirilen ilkinji howa gatnawy açyldy. Bu howa ýolunda Çärjew awiakärhanasy “Ýunkers” ÝU-13, K-4 uçarlaryny ulanypdyr. Jemi 8 uçar hereket edipdir. 1932-nji ýylda Türkmenistanyň raýat howa flotunyň üsti täze sowet ýolagçy uçarlary bilen ýetirilýär. Olar K-5 we ANT9 uçarlardy. Olaryň binýadynda 1932-nji ýylda Çärjew howa menziliniň awiabölümçesi döredilýär, ol aralyk aerodromsyz, gönüden-göni Çärjew – Daşhowuz awiaýoluna hyzmat edip başlaýar.

  Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 2018-nji ýylda täzeden dikeldilen halkara howa menzili üstünlikli işläp başlady.

  Türkmenabat halkara howa menziliniň täze toplumynyň raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) halkara standartlaryna laýyklygyny Germaniýa federatiw respublikasynyň Mýunhen howa menziliniň beren sertifikaty tassyklaýar.

  Türkmenabat halkara howa menzilinde ep-esli geografiki mümkinçiligi bar, ýagny GDA ýutlardan günorta-gündogar Aziýa, Ýewropa, Amerika gidýän howa ýollarynyň kesişmesinde ýerleşmek bilen amatly geografiki ýagdaýy eýeleýär.

  Welaýatyň senagat düzüminiň okgunly ösdürilmegi bilen onuň örän baý gazylyp alynýan baýlyklarynyň özleşdirilmegi ilatyň durmuş-ykdysady derejesiniň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýär, işewürlik we maýa goýum işleri rowaçlanýar. Bularyň ählisi, şeýle hem ýurt möçberinde ulag ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenabat şäherindäki howa menziliniň goýberiş mümkinçiliklerini sagatda 500 ýolagça çenli artdyrmak bilen, häzirki zaman täze halkara howa menziliniň gurulmagynyň zerurlygyny şertlendirdi.

  Terminalyň daşky keşbi häzirki zaman türkmen şäher gurluşygynyň esasy binägärlik meýillerini açyp görkezýär. Binanyň umumy görnüşiniň aýratynlygy, onuň Oguz hanyň sekizburçluk ýyldyzy şekilinde ýerine ýetirilenligindedir. Ýolagçy terminalynyň binasy özüniň üýtgeşik şekili üçin, iň uly ýyldyz şekilli ýolgçy terminaly ýaly Ginesyň rekordlar kitabyna girdi. Garaşylýan otaglar we bellige alynýan nokatlar, enäniň we çaganyň otaglary, şeýle hem maglumat tablosy, sorag-jogap nokady, petek satylýan kassalar, goş saklanylýan otaglar, bankomatlar, naharhanalar we beýlekiler täze howa menziliniň ýolagçylarynyň hyzmatynda bolar. Terminal içerki gatnawlaryň hem-de halkara gatnawlarynyň ýolagçylaryna hyzmat etmek boýunça iki zolaga bölünýär, munuň özi ýolagçylara hyzmat etmegiň aňrybaş oňaýly şertlerini döretmäge mümkinçilik berýär. Topluma, beyikligi 55 metr bolan 11 gatly dispetçer diňi girýär. Awiaparkyň tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen täzelenmegi, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň çalt depginler bilen ösmegi, halkara howa gatnawlarynyň ugurlarynyň giňeldilmegi howa hereketini dolandyrmagyň ulgamyna iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurlygyny şertlendirdi.