Biz hakda

Türkmenabat – Türkmenistanyň iri senagat, söwdä we medeni merkezi. Bu şäher gadymy döwürlerden bäri ykdysady gatnaşyklar üçin amatlylygy bilen özüne çekýär: bir döwürlerde bu künjeklerden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir, gyzgalaňly baý bazarlar, kerwensaraýlar kaşanlygy bilen jahankeşdeleri hem-de täjirleri haýran galdyrypdyr...
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhy öz gözbaşyny 1927-nji ýyldan alyp gaýdýar, şol wagt Çärjewi Dörtgüliň we Täze Ürgenjiň üsti bilen Daşhowuza birleşdirilen ilkinji howa gatnawy açyldy. Bu howa ýolunda Çärjew awiakärhanasy “Ýunkers” ÝU-13, K-4 uçarlaryny ulanypdyr. Jemi 8 uçar hereket edipdir. 1932-nji ýylda Türkmenistanyň raýat howa flotunyň üsti täze sowet ýolagçy uçarlary bilen ýetirilýär. Olar K-5 we ANT9 uçarlardy. Olaryň binýadynda 1932-nji ýylda Çärjew howa menziliniň awiabölümçesi döredilýär, ol aralyk aerodromsyz, gönüden-göni Çärjew – Daşhowuz awiaýoluna hyzmat edip başlaýar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 2018-nji ýylda täzeden dikeldilen halkara howa menzili üstünlikli işläp başlady.
Türkmenabat halkara howa menziliniň täze toplumynyň raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) halkara standartlaryna laýyklygyny Germaniýa federatiw respublikasynyň Mýunhen howa menziliniň beren sertifikaty tassyklaýar.
Türkmenabat halkara howa menzilinde ep-esli geografiki mümkinçiligi bar, ýagny GDA ýutlardan günorta-gündogar Aziýa, Ýewropa, Amerika gidýän howa ýollarynyň kesişmesinde ýerleşmek bilen amatly geografiki ýagdaýy eýeleýär. Indiki
Hyzmatdaşlara
Türkmenabat halkara howa menzili hyzmatdaşlary garşylaýar.
Awiakompaniýalara
•Gelejege gönükdirlen ygtybarly iki taraplaýyn gatnaşyklar
• Okgynly ösýän syýahtçylyk we işewürlik bazaryna gatnaşmak
• Täze ugurlarda bazarlara çykmak üçin bonuslar we marketing goldawlar
Ýük daşaýjylara
Hyzmatlar :
•Ýükiň ýerdäki hyzmaty
• Ambar hyzmaty
• Agentlik bronirleme we ýük geçirmekligiň satuwy
Kabulhana
telefon: +99342294505 fax: +99342237222
e-mail: turkmenabat.airport@tia.gov.tm
iş tertibi: 09:00-18:00 (UTC+5)
CIP bölüm
telefon: +99342294605
e-mail: cip.turkmenabat@online.tm
iş tertibi: gije-gündiziň dowamynda
Umumy bölüm
telefon: +99342294559 fax: +99342236678
e-mail: office.turkmenabat@online.tm
iş tertibi: 09:00-18:00 (UTC+5)
Buhgalteriya
telefon: +99342294548 +99342294549
fax: +99342230621
e-mail: accounting-dept.turkmenabat@tia.gov.tm
iş tertibi: 09:00-18:00 (UTC+5)
Şertnamalar we halkara gatnaşyklar bölümi
telefon: +99362038228 +99342294678
e-mail: contract-dept.turkmenabat@tia.gov.tm
iş tertibi: 09:00-18:00 (UTC+5)
Meýilnama ykdysady bölüm
telefon: +99342294554 +99342294639
e-mail: economic-dept.turkmenabat@online.tm
iş tertibi: 09:00-18:00 (UTC+5)
Howa menziliniň önümçilik dispeçer gullugy
telefon: +99342294707; +99342294610
e-mail: ops.utav@tia.gov.tm
iş tertibi: 24/7
Prezentasiýalar




100 orunlyk myhmanhana
Häzirki zaman dizaýnly içi gelşikli otagda dynç almak we işlmek üçin hemme gerek zatlar göz öňüne tutulandyr. Hem-de myhmanhananyň hemişe gelýän myhmanlary gozellik salonyndan we sport zalyndan ulanyp bilerler. Myhmanhananyň restorany dürli çäreleri geçirmek üçin ajaýyp ýer bolup, gelýän myhmanlara milli we Ýewropa tagamlaryny hödürläp biler. Myhmanhananyň dükanynda myhamanlar milli türkmen ýadygärlikleri we sowgatlary satyn alyp bilerler. Ertirlige şwed stoly otagyň bahasynyň içine girýär. Indiki
Täzelikler
"Türkmenistan" awiakompaniýasy oktýabr aýyndan Kazana we Jidda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar
"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 26-njy oktýabryndan başlap Kazana we Jidda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar. Oktýabr aýynyň ahyryndan Kazana uçuşlar hepdede dört gezek amala aşyrylar. Ýolagçylar sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri Tatarstanyň paýtagtyna syýahat edip bilerler. Bu üýtgeşme, işewürlerdenem, syýahatçylardanam barha artýan islegi kanagatlandyrar.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
15.08.2025 15:22
2025-nji ýylyň 11-nji awgustyndan başlap, Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerine goşmaça gatnawlar amala aşyrylar
“Türkmenistan" awiakompaniýasy” dynç almak we Awaza dynç alyş zolagynda ýerleşýän saglyk we syýahatçylyk merkezlerine syýahat etmek isleýän raýatlara ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin 2025-nji ýylyň 11-nji awgustyndan her gün 6 uçuş ýygylygy bilen Türkmenbaşy halkara howa menziline goşmaça uçuşlaryň gurnalandygyny habar berýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
13.08.2025 14:06
Kerki-Balkanabat ugry boýunça ilkinji uçuş
14.08.2025 senede KERKI -BALKANABAT-KERKI UGRY BOÝUNÇA ILKINJI UÇUŞ AMALA AŞYRYLAR !!!
12.08.2025 16:06
Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlar Türkiýede taýýarlanylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Turkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 1-nji martynda Antaliýa şäherinde, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşleri paýdarlar jemgyýeti bilen Turkiýe Respublikasynyň Turk Hava Kurumu Uniwersitetiniň arasynda gol çekilen “Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” laýyklykda, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Ýerine ýetiriji edarasynyň (Dolandyryş topary) 10.04.2025ý. senede ýygnagy geçirilip, ýygnakda Türkiýe Respublikasynyň Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetinde 2025-2029-nji okuw ýyllary boýunça Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlary taýýarlamak meselesine seredildi.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
11.08.2025 10:27
«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin talyplyga kabul etmegini dowam edýär
«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga almaga dowam edýär.ÇEŞME:“Türkmenhowaýollary” DÖWLET GULLUGY
09.08.2025 10:23