Türkmenabat – Türkmenistanyň iri senagat, söwdä we medeni merkezi. Bu şäher gadymy döwürlerden bäri ykdysady gatnaşyklar üçin amatlylygy bilen özüne çekýär: bir döwürlerde bu künjeklerden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir, gyzgalaňly baý bazarlar, kerwensaraýlar kaşanlygy bilen jahankeşdeleri hem-de täjirleri haýran galdyrypdyr...

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhy öz gözbaşyny 1927-nji ýyldan alyp gaýdýar, şol wagt Çärjewi Dörtgüliň we Täze Ürgenjiň üsti bilen Daşhowuza birleşdirilen ilkinji howa gatnawy açyldy. Bu howa ýolunda Çärjew awiakärhanasy “Ýunkers” ÝU-13, K-4 uçarlaryny ulanypdyr. Jemi 8 uçar hereket edipdir. 1932-nji ýylda Türkmenistanyň raýat howa flotunyň üsti täze sowet ýolagçy uçarlary bilen ýetirilýär. Olar K-5 we ANT9 uçarlardy. Olaryň binýadynda 1932-nji ýylda Çärjew howa menziliniň awiabölümçesi döredilýär, ol aralyk aerodromsyz, gönüden-göni Çärjew – Daşhowuz awiaýoluna hyzmat edip başlaýar.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 2018 ýylda täzeden dikeldilen halkra howa menzili üstünlikli işläp başlady.

Türkmenabat halkara howa menziliniň täze toplumynyň raýat awiasiyýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) halkara standartlaryna laýyklygyny Germaniýa federatiw respublikasynyň Mýunhen howa menziliniň beren sertifikaty tassyklaýar.

Türkmenabat halkara howa menzilinde ep-esli geografiki mümkinçiligi bar, ýagny GDA ýutlardan günorta-gündogar Aziýa, Ýewropa, Amerika gidýän howa ýollarynyň kesişmesinde ýerleşmek bilen amatly geografiki ýagdaýy eýeleýär. Indiki


Hyzmatdaşlara

Türkmenabat halkara howa menzili hyzmatdaşlary garşylaýar.
Awiakompaniýalara

•Gelejege gönükdirlen ygtybarly iki taraplaýyn gatnaşyklar
• Okgynly ösýän syýahtçylyk we işewürlik bazaryna gatnaşmak
• Täze ugurlarda bazarlara çykmak üçin bonuslar we marketing goldawlar

Ýük daşaýjylara

Hyzmatlar :
•Ýükiň ýerdäki hyzmaty
• Ambar hyzmaty
• Agentlik bronirleme we ýük geçirmekligiň satuwy

Kabulhana

telefon: +993422 9-4505 fax: +993422 37222
e-mail: turkmenabat.airport@online.tm

Şertnamalar bölümi

telefon: +99342294557 +99342294544
e-mail: contract-dept.turkmenabat@online.tm

Umumy bölüm

telefon: +99342294559 fax: +99342236678
e-mail: office.turkmenabat@online.tm

Buhgalteriya

telefon: +99342294548 +99342294549
e-mail: accounting-dept.turkmenabat@online.tm

Halkara gatnaşyklar we logistika bölüm

telefon: +99364030708, +99365607543
e-mail: turkmenabat.airport.int.dep@gmail.com
e-mail: intlog-dep.turkmenabat@online.tm

Meýilnama ykdysady bölüm

telefon: +99342294554
e-mail: economic-dept.turkmenabat@online.tm

Aeroportyň önümçilik dispeçer gullugy

telefon: +99342294707; +99342294640
e-mail: pdsa.turkmenabat@online.tm

CIP bölüm

telefon: +99342297709
e-mail: cip.turkmenabat@online.tm


100 orunlyk myhmanhana

Häzirki zaman dizaýnly içi gelşikli otagda dynç almak we işlmek üçin hemme gerek zatlar göz öňüne tutulandyr. Hem de myhmanhananyň hemişe gelýän myhmanlary gozellik salonyndan we trenažýor zalyndan ulanyp bilerler. Myhmanhananyň restorany durli çäreleri geçirmek üçin ajaýyp ýer bolup, gelýän myhmanlara milli we Ýewropa tagamlary hödürläp bilerler. Myhmanhananyň dükanynda myhamanlar milli türkmen ýadygärlikleri we sowgatlaryt satyn alyp bilerler. Ertirlige şwed stoly otagyň bahasynyň içine girýär. Indiki